Oguljahan Atabaýewa: Aýallar — maşgalanyň daýanjy, durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýji

BT
Oguljahan Atabaýewa: Aýallar — maşgalanyň daýanjy, durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýji
Oguljahan Atabaýewa LLDC3 çäklerinde zenan liderleriň forumynda çykyş edýär, 7 awgust, 2025 ý., Awaza, Türkmenistan (Surat: TDH)

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahatyň çäklerinde zenan liderleriniň forumynda çykyş edip, aýallaryň maşgala üçin daýanç bolup, durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny, ykdysadyýetde, bilimiň we medeniýetiň ösüşinde hem-de ruhy gymmatlyklary saklamakda uly goşant goşýandygyny nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Wise-prezident dört ýylyň içinde 500-den gowrak çylşyrymly operasiýalaryna maýa goýulandygyny, şol sanda neýrohirurgiýa, ortopediýa we kardiologiýa operasiýalarynyň geçirilendigi barada aýtdy. Gaznanyň hasabyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi işleýär we bu ýerde her gün çagalar üçin mugt saglygy dikeldiş hyzmatlary berilýär.

Oguljan Atabaýewa Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýallary goldamak, olaryň döredijilik we aň mümkinçiliklerini kämilleşdirmek, şeýle hem maşgala gymmatlyklaryny pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýandygyny belledi. Tereza enäniň: “Zenanlar öýüň ýüregidir. Geliň, biziň — zenanlaryň durmuşynyň esasy manysyna, ýagny söýmek, söýülmek we söýgi arkaly tutuş dünýäde parahatçylyk dörediji bolmalydygymyza düşünmek üçin bilelikde doga-dileg edeliň!” diýen jümlesi bilen tamamlady.

2021-nji ýylyň mart aýynda esaslandyrylan Haýyr-sahawat gaznasy halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Gazna döredilen wagtyndan bäri dürli ýurtlarda tebigy betbagçylyklardan zeper ýeten çagalara kömek berýär, şeýle hem Türkmenistanyň içinde mätäç çagalar üçin saglygy bejeriş hyzmatlaryny üpjün edýär.

2022