Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýolbaşçylary Awazada geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde ýurdumyza sapar bilen Kipr Respublikasynyň gämi gatnawy ministriniň orunbasary Marina Hadžimonotli bilen duşuşdylar.
Duşuşyk deňiz üsti arkaly ýük daşamalar hem-de ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlandy. Bu barada anna güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Kipr wekiliýetiniň agzalary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň häzirki zaman mümkinçilikleri hem-de ýurdumyzyň deňiz infrastrukturasyndaky geljekki ösüş meýilnamalary bilen tanyşdylar.
Taraplar hünärmenleri taýýarlamak we bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmäge we deňiz hem-de logistika ulgamlarynda täze başlangyçlary ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.
Kipr — paýtagty Nikosiýa bolan, Gündogar Ortaýer deňzinde ýerleşýän ada-döwletdir. Ol Ýewropa, Aziýa we Afrikanyň çatrygynda ýerleşýär, Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolup, syýahatçylyk, deňiz gämi gatnawy we maliýe ulgamy bilen meşhurdyr.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


