Russiýa Federasiýasy 2025-nji ýylyň ilkinji ýedi aýyň dowamynda Türkmenistana $110 milliondan gowrak möçberde oba hojalyk önümlerini eksport etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16% ýokarydyr. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň oba hojalyk önümçiligi boýunça ýöriteleşdirilen “Agroeksport” federal merkezi habar berýär.
Fiziki ölçegde eksportyň möçberi 125 müň tonnadan geçdi. Esasy iberilýän önümleriň hatarynda ýaglar, et hem-de süýt önümleri, balyk, içgiler, süýji-köke önümleri we beýleki azyk harytlary bar.
Şol sanda günebakar ýagy, bugdaý uny, şeker, margarin hem-de çagalar üçin iýmit önümleri eksport edilýär.
2024-nji ýylda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky umumy haryt dolanyşygy $1,6 milliarddan geçdi.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


