Türkmenistanda 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli birnäçe döwrebap bilim desgalary ulanylmaga berler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Şol gün Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti, Mary welaýatynda Döwlet energetika institutynyň goşmaça okuw binasy açylar. Mundan başga-da, paýtagtda hem-de welaýatlarda täze mekdepler we çagalar baglary ulanylmaga berler.
Döwlet Baştutany ýaş nesilleri mynasyp terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti bilim işgärlerini, talyplary we mekdep okuwçylaryny täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara okuwda we geljekki hünär işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hökümet mejlisinde şu ýylyň 8 aýynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


