Türkmenistan Owganystandaky ýer titremeden ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberer

BT
Türkmenistan Owganystandaky ýer titremeden ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberer
Türkmenistanyň 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Owganystana iberen ynsanperwer kömegi (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow golaýda bolup geçen ýer titremeden ejir çeken owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini ugratmak hakynda buýruga gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Owganystana ilkinji nobatda ýer titremeden zyýan çeken çagalar we maşgalalar üçin däri-dermanlar, azyk önümleri, egin-eşikler hem-de gündelik durmuşda zerur bolan beýleki serişdeler iberiler.

Türkmenistan kyn günde doganlyk halklara goldaw bermek we kömek elini uzatmak däbi häzirki wagtda-da mynasyp dowam etdirilip, döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny we hoşniýetli goňşuçylygy berkitmegiň möhüm nyşany hökmünde görülýär.

31-nji awgust gijesi Owganystanyň gündogar sebitinde 6,2 magnitudaly güýçli ýer titreme bolup geçdi. Onyñ ojagy Jellalabatdan 50 kilometr uzaklykda, 10 kilometr çuňlukda ýerleşdi. Ýewropa-Ortaýer deňzi seýsmologiýa merkeziniň maglumatyna görä, ýer titremeleri Kabuldan başlap, Päkistanyň paýtagty Yslamabada çenli duýuldy.

2022