Dünýä belli moda dizaýneri Jorjo Armani 91 ýaşynda aradan çykdy

BT
Dünýä belli moda dizaýneri Jorjo Armani 91 ýaşynda aradan çykdy
“Armani” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jorjo Armani (Surat: commons.m.wikimedia.org)

Italiýanyň dünýä belli moda dizaýneri, işewür we “Armani” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jorjo Armani 91 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada "Armani" kompaniýanyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Armani ömrüniň soňky günlerine çenli kompaniýanyň baş direktory we döredijilik ýolbaşçysy wezipesinde işledi. “Armani Group” kompaniýasynyň resmi beýanatynda bellenilişi ýaly, işgärler hem-de maşgalasynyň agzalary brendiň döredijisiniň hatyrasyna onuň işini dowam ederler.

Jorjo Armani 1934-nji ýylyň 11-nji iýulynda Italiýanyň Pýaçense şäherinde dünýä indi. Ol dünýäniň moda äleminde öçmejek yz galdyryp, geýim we aksessuar öndürmekde, şeýle hem kino üçin ýörite geýim taýýarlamakda giňden tanaldy. Onuň döredijilik işiniň dowamynda 100-den gowrak filme geýim taýýarlandy, olaryň arasynda “American Gigolo” we “The Untouchables” ýaly kino taryhynyň meşhur eserleri bar.

Armani soňky ýyllarda hem kompaniýanyň başynda bolup, brendiň 50 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görýärdi. Metbugat serişdeleriniň maglumatlaryna görä, ol ömrüniň soňky günlerini ýakynlarynyň ýanynda geçirdi.

2022