Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabat şäherinden demirgazykda ýerleşýän senagat toplumynyň çäginde gurlan çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Ilki bilen döwlet Baştutany gurluşyk we senagat toplumynyň sergisi bilen tanyşdy. Sergide ýerli öndürijiler tarapyndan öndürilýän gurluşyk materiallaryndan başlap elektron senagatynyň önümlerine çenli dürli görnüşli harytlar görkezildi.
Täze kärhana häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilip, dolulygyna ýerli çig mal binýadyna daýanýar. Ol ýokary hilli kwars çägesi, dolomit, hek daşy we beýleki tebigy baýlyklar esasynda işleýär. Kärhananyň önümçilik kuwwaty bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Önümçilik prosesi bolsa 1 müň 500 gradusa ýetýän ýokary gyzgynlykda eretmek, şekillendirmek, sowatmak we awtomatik ýagdaýda hil barlamak ýaly tapgyrlary öz içine alýar.
Kärhanada ýokary tehnologiýaly döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen barlaghana döredildi. Barlaghanada önümleriň berkligi, geometrik ölçegleri we ýüklenmelere garşy durnuklylygy boýunça synaglar geçirilýär. Şonuň netijesinde kärhananyň önümleri halkara hil ülňülerine doly laýyk gelýär.
Önümçiligiň hili Germaniýanyň “Horn Glass Industries” we Italiýanyň “Vetromeccanica Srl” hem-de “Bottera” kompaniýalarynyň güwänamalary bilen tassyklanyldy. Açylyş dabarasynyň dowamynda Prezident kärhananyň ýolbaşçylaryna täze awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.
Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurtda ýakyn wagtda täze obalaryň, durmuş maksatly desgalaryň we Aşgabadyň çäginde döwrebap seýilgähiň ulanmaga beriljekdigini belläp geçdi.
Täze kärhananyň işe girizilmegi ýüzlerçe täze iş orunlarynyň döremegine, içerki bazaryň doly üpjün edilmegine we eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam eder. Şeýle hem ýerli çig malyň peýdalanylmagy önümçiligiň özüne düşýän bahasyny peseldýär we onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


