2025-nji ýylyň 8–13-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda we Daşoguz welaýatynda onkologiýa kesellerini anyklamak hem-de bejermek boýunça lukmançylyk kömeginiň ýagdaýyna baha bermek üçin “imPACT” atly gözden geçiriji missiýa geçirildi. Bu missiýa Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), Atom energiýasy boýunça Halkara agentligi (IAEA) we Ragy öwrenmegiň Halkara agentligi (IARC) bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Missiýanyň maksady — Türkmenistanda onkologiýa kömeginiň ulgamyny seljermek we ony berkitmek üçin amaly teklipleri taýýarlamakdyr.
Saparyň dowamynda hünärmenler onkologik keselleriň öňüni alyş we irki anyklaýyş işleriniň ýagdaýyna, hirurgiki, şöhle we himiýa bejergileriniň hiline, şeýle-de ýadro lukmançylygynyň mümkinçiliklerine baha berdiler. Derman üpjünçiligi we lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak meseleleri hem aýratyn seljerildi.
Topar Aşgabatda we Daşoguzda birnäçe saglygy goraýyş edaralaryna - hassahanalaryň, ylmy-barlag merkezleriniň, uniwersitetleriň hem-de ilkinji lukmançylyk-sanitar kömek nokatlarynyň işini synlady. Hususan-da, Onkologiýa ylmy kliniki merkezine, Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasyna we Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine aýlandylar.

Missiýa döwründe BMG düzümleri, raýat jemgyýeti we jemgyýetçilik guramalary bilen ýygnaklar geçirildi. Onda saglygy goraýşy ösdürmek, maliýeleşdirmek, öňüni alyş çäreleri hem-de ýerli jemgyýet derejesinde syýasat we hyzmatlary kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Jemleýji maslahatda hünärmenler Türkmenistanda onkologiýa kömegini mundan beýläk hem ösdürmek üçin möhüm ugur görkezijileri bolup hyzmat etjek strategiki tekliplerini hödürlediler.
Aşgabatda Ýokanç keseller merkezleriniň merkezi barlaghanasynda 10-12-nji sentýabr aralygynda inçekeseli anyklaýyş boýunça üç günlük usulyýet seminary geçirildi.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


