Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ço Syng-Il bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Taraplar Koreýa kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebitgaz we himiýa senagatlarynda üstünlikli alyp barýan işleri barada pikir alyşdylar hem-de “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasy bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygy aýratyn bellediler. Hususan-da, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak barada şertnama baglaşylandygy bellenildi.
Şeýle hem Arkadag şäherinde döwrebap medisina klasterini gurmak boýunça koreý kompaniýalarynyň alyp barýan işlerine hem aýratyn üns berildi.
“Daewoo E&C” Koreýa Respublikasynyň iri inžener-gurluşyk kompaniýalarynyň biridir. Ol 2023-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda şahamçasyny açmak bilen türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitdi.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


