Türkmenistan TIF-2025-de halkara guramalar bilen birnäçe ylalaşyk baglaşdy

BT
Türkmenistan TIF-2025-de halkara guramalar bilen birnäçe ylalaşyk baglaşdy
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Bütindünýä erkin zolaklar guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilişi, 2025-nji ýylyň 18-nji sentýabry, Awaza, Türkmenistan (Surat: THP)

 “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF-2025) çäginde penşenbe güni ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda strategik ylalaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Bu ylalaşyklar Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda täze mümkinçilikleri açmaklyga gönükdirlendir. Bu barada “ORIENT” neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulоw bilen Bütindünýä bankynyň Türkmenistandaky we Gazagystandaky hemişelik wekili Andreý Mihnew “Pandemiýalaryň öňüni alyş gaznasyna” grant bermek boýunça ylalaşyk baglaşdylar. Bu ylalaşyk azyk howpsuzlygyny hem-de ekologiýa ulgamyny berkitmäge gönükdirilendir we ol “Merkezi Aziýada Bitewi saglyk” atly sebitleýin taslamany durmuşa geçirmäge giň mümkinçilik döreder.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Awstriýanyň "Primetals Technologies GmbH" kompaniýasy özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Resminama ministr Toýguly Nurow bilen kompaniýanyň baş wise-prezidenti Andreas Lemp tarapyndan baglaşyldy. Ylalaşyga laýyklykda, "Mitsubishi Heavy Industries"-iň düzümindäki "Primetals" innowasiýa merkezi Türkmenistana iň täze metallurgiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga ýardam eder.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Azat Nazarow bilen Günbatar Londonyň Söwda palatasynyň prezidenti Kristofer Durkin hem özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu resminama türkmen kompaniýalarynyň dünýä bazarlaryna çykmagyna giň mümkinçilikleri açar.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Bütindünýä erkin zolaklar guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminama Mämmetguly Astanagulоw bilen guramanyň sebit boýunça ýolbaşçysy Ýerbol Buharbaýew tarapyndan gol çekildi. Ylalaşyk erkin ykdysady zolaklary ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda möhüm ädim boldy.

TIF-2025-de baglaşylan ylalaşyklar Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň köpugurlylygyny görkezýär. Olar saglygy goraýyş, senagat, söwda we ykdysady zolaklaryň ösüşini öz içine alýar.

2022