Azerbaýjan 8 müň tonna ýük göterijiligi bolan nebit daşaýan tankeri gurup doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde Türkmenistana sowgat berer. Taslamany şu ýylyň ahyrynda ýa-da indiki ýylyň başynda tamamlanmak meýilleşdirilýär diýip, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Sahip Alekperow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň (TIF-2025) çäklerinde mälim etdi. Bu barada “ORIENT” neşiri habar berýär.
Sahip Alekperow iki ýurduň ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň diňe simboliki ädimler bilen çäklenmeýändigini, awgust aýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gol çekilen Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda halkara howa gatnawlaryny ösdürmek baradaky Ähtnamanyň çäklerinde Hazar deňziniň üstünden göni uçar gatnawlaryny ýola goýmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Şeýle hem, ol bu täze uguryň işewürler hem-de syýahatçylar üçin giň mümkinçilikleri döretjekdigini belläp geçdi.
Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Sahip Alekperow şeýle hem ulag baglanyşyklarynyň diňe sebit ýurtlary üçin däl, eýsem bütin kontinent üçin peýdaly boljakdygyny aýtdy. “Öň ähli ýollar Rima barýar diýilse, indi ähli ýollar Türkmenistandan geçýär diýip bolar. Bu Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky iň gysga ýol” diýip, Alekperow belledi.
Ol döredilýän täze ulag geçelgeleriň maýa goýum gurşawyny gowulandyrjakdygyna hem-de iki ýurduň syýasy-ykdysady dialogyny pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde metjidiň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


