Türkmen gurluşyk kompaniýalary Azerbaýjanda metjit gurmak boýunça bäsleşige çagyrylýar

BT
Türkmen gurluşyk kompaniýalary Azerbaýjanda metjit gurmak boýunça bäsleşige çagyrylýar
Türkmenbaşynyň Ruhy metjidi, Gypjak, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde metjidiň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik anna güni “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplaryň bäsleşik teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň degişli müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär we resmileşdirilýär. Bäsleşik kotirowka görnüşinde geçirilýär.

Haýyşnamalar we teklipler 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabryna çenli kabul edilýär. 

Şeýle-de şol gün Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň “Jahan” döredijilik merkezinde gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan etdi.

2022