Halk Maslahatynda zähmet haklaryny, pensiýalary ýokarlandyrmagy bes etmek teklip edildi

BT
Halk Maslahatynda zähmet haklaryny, pensiýalary ýokarlandyrmagy bes etmek teklip edildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi, 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Ýazmyrat Atamyradow anna güni geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hemme zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyny bes etmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Atamyradow ýurduň ösüşine we beýleki ileri tutulýan ugurlara gönükdirilmegi has maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Ýazmyrat Atamyradow öz çykyşynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalarynyň tagallalary bilen Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, şeýle-de talyp we diňleýji haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylýandygyny belläp geçdi. Atamyradow şeýle ýeňillikleriň dünýäniň beýleki ýurtlarynda gabat gelmeýändigini aýdyp, häzirki wagtda her bir maşgalanyň durmuş şertleriniň ýokary derejä ýetendigini nygtady.

“Agzybir halkymyz parahat, asuda, bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Ogul-gyzlarymyz, agtyk-çowluklarymyz okuwa, işe arkaýyn gidip-gelýärler. Parahat, asuda durmuşyň özi bahasyna ýetip bolmajak uly baýlykdyr hem gymmatlykdyr” diýip, Hormatly il ýaşulusy Ýazmyrat Atamyradow belledi.

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2025-nji ýylda ýurtda iň pes aýlyk zähmet haky 1410 manat, iň pes pensiýa möçberi bolsa 550 manat hökmünde kesgitlenendir.

2022