Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan yglan edilen “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak boýunça geçirilýän bäsleşigiň jemlerinde paýtagtyň ýaşaýjysy, şahyr Rahman Akmyradowiç Döwletow baýrak bilen sylaglanyldy. Bu barada anna güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şahyra Prezidentiň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat möçberinde pul baýragy berildi.
Şahyryň döredijiliginiň tematikasy baý we köptaraplaýyndyr, goşgularynyň sadadan çeperligi, akgynlylygy, esasan hem, halkyň durmuşyna örän ýakynlygy okyjyny özüne çekýär. Awtoryň şygyrlarynyň süňňünden Gahryman Arkadaga, Arkadagly Gahryman Serdara, watana söýgi we buýsanç eriş-argaç bolup geçýär.
Şahyryň sadadan halky goşgularynyň ählisi diýen ýaly adamlara mähirli garamagy, birek-birege hormat goýmagy, ata Watanyň her bir nokadyny, her gysym topragyny on iki süňňüň bilen söýmegi ündeýär.
Geçen ýyl şahyryň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen täze kitaby okyjylara gowuşdy. Kitap dört bölekden ybarat bolup, watançylyk we milli gymmatlyklary öz içine alýar, bu hem şahyryň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetini ýokarlandyrýar. Döredijilikde öz ýoluny gözlemegi we kämillige ymtylmagy Rahman Döwletowy häzirki zaman türkmen edebiýatynda aýratyn orun eýeleýän şahyrlaryň birine öwürýär.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


