Kiýewde aýdym-saz medeniýetine bagyşlanan “Dutaryň sesi” atly çäre geçirildi

BT
Kiýewde aýdym-saz medeniýetine bagyşlanan “Dutaryň sesi” atly çäre geçirildi
“Dutaryň sesi” medeni çäresi, 2025-nji ýylyň 18-nji sentýabry, Kiýew, Ukraina (Surat: Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Ukrainanyň Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanada “Dutaryň sesi”atly milli türkmen saz gurallaryna, bagşyçylyk sungatyna we aýdym-saz medeniýetine bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy habar berdi.

Çärä Swýatoşinskiý etrabynyň medeni we bilim edaralarynyň, aýdym-saz mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary, etrap häkimliginiň we kitaphana ulgamynyň wekilleri hem-de ukrainadaky türkmen ýaşlary gatnaşdy. Ilçihananyň wekilleri milli saz gurallary, bagşyçylyk sungaty hem-de türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň taryhy barada gürrüň berdiler we bagşyçylyk sungaty bilen dutar ýasamak senetçiliginiň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini bellediler.

Türkmen diasporasynyň wekili S.Derekowyň dutar saz guralynda ussatlyk bilen ýerine ýetiren milli sazlary bu medeni çäräniň üns merkezinde boldy. Ukrain aýdym-saz mekdepleriniň okuwçylary we mugallymlary pianinoda ikilikde, gitarada üçlükde, ukrain milli guraly bolan bandura saz guralynda aýdym-saz çykyşlary ýerine ýetirdiler.  

Myhmanlar ýörite taýýarlanan wideoroliklere we mowzuklaýyn surat sergisine tomaşa edip, Magtymguly kitaphananyň çäginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan sowgat berlen türkmen halk döredijiliginiň, amaly haşam sungatynyň eserleri we milli gurallary görkezilýän adybir muzeýine aýlanyp gördüler.

Bu çäre Garaşsyzlyk baýramynyň hem-de Halkara Aýdym-saz gününiň öňüsyrasynda geçirilip, türkmen medeniýetine we aýdym-saz sungatyna bolan gyzyklanmany artdyrdy, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitdi.

2022