Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakyndaky Karara gol çekdi.
Bu çözgüt ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp, döwletiň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatyndaky ygrarlylygyny görkezýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň bellemegine görä, Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama sorap ýüz tutan 142 adamyň resminamalary seljerilip, degişli işler geçirildi. Olar dünýäniň 7 ýurdunyň raýatlary bolup, jemi 15 dürli milletiň wekillerini öz içine alýar.
Meredowyň hasabatynda aýdylyşyna görä, ýurtda alnyp barylýan ynsanperwerlik syýasatyna laýyklykda, şu güne çenli 5 müň 152 daşary ýurt raýaty we raýatlygy bolmadyk adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe meselelerine hem garaldy.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


