Türkmen ilçisi Gruziýanyň içeri işler ministri bilen duşuşdy

THP
Türkmen ilçisi Gruziýanyň içeri işler ministri bilen duşuşdy
D. Seýitmämmedowyň G. Geladze bilen duşuşygy. 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabry, Tbilisi, Gruziýa (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy)

2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D. Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Içeri işler ministri G. Geladze bilen duşuşygy boldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirýän meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň möhümdigini nygtap, konsullyk hyzmatlary we migrasiýa syýasaty boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler pudaklaryň arasyndaky ýokary derejeli özara hereketi bellediler we bilelikdäki işleri dowam etmegiň zerurlygyna ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginini saklamagyň we iki ýurduň bähbitleri üçin amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini tassykladylar.

Çeşme: THP

2022