Orta Wolga – Hazar – Aýlag ýurtlary ugry boýunça ulag gatnawlaryny ösdürmek maksady bilen bir bitewi logistika operatoryny döretmek meýilleşdirilýär. Degişli ylalaşyk geçen anna güni Ulýanowsk şäherinde geçirilen “Orta Wolga – Hazar” atly halkara logistika forumynyň dowamynda gazanyldy. Bu barada “Portnews” neşiri habar berýär.
Täze dörediljek bir bitewi logistika operatory Powožýe sebitlerinden we Russiýanyň merkezi böleginden Hazar deňziniň portlaryna we Hindistandaky terminallara çenli utgaşykly logistika zynjyryny üpjün eder. Şeýle hem bu ulgam ýükleriň yzyna daşalmagyny hem gurar. Taslamanyň maksady – daşama möhletlerini gysgaltmak, logistika çykdajylaryny azaltmak hem-de sanksiýa çäklendirmeleri şertlerinde töwekgelçilikleri peseltmek bolup durýar.
Bu başlangyjyň çäginde häzirki zaman logistika merkezini döretmeklik hem göz öňünde tutulýar. Ol Powožýe federal okrugynda öndürilýän önümleriň Pars aýlagy ýurtlaryna eksportyny artdyrmaga ýardam berer.
Orta Wolga – Hazar deňzi – Aýlag ýurtlary ugry “Demirgazyk – Günorta” halkara ulag geçelgesiniň bir bölegi hökmünde garalýar. Taslama Orta Wolganyň we Ýewropa Russiýasynyň port terminallaryndan Pars aýlagynyň we Hindistanyň portlaryna çenli toplanan ýükleriň gönüden-göni daşalmagyny hem-de olaryň yzyna ugrukdyrylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


