Türkmenistanda wirtual aktiwler we maýning bilen meşgullanmagyň tertibi nähili?

BT
Türkmenistanda wirtual aktiwler we maýning bilen meşgullanmagyň tertibi nähili?
Maýning fermasy (Surat: Bloomberg)

Türkmenistanda wirtual aktiwler hem-de maýning kriptowalýutalar boýunça gatnaşyklary kadalaşdyrýan Kanun kabul edildi. Bu resminama wirtual aktiwler bilen işleşmegiň tertibini, olaryň hasaba alynmagyny, rugsat berilmegini we degişli gözegçilik çärelerini doly düzgünleşdirýär.

Utgaşdyryjy işini we gözegçiligi Ministrler Kabineti, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Aragatnaşyk ministrligi, Energetika ministrligi, beýleki merkezi ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary hem-de ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäginde amala aşyrýarlar.

Wirtual aktiwler bilen baglanyşykly aýratyn görnüşdäki işleriň döwlet hasabyna alynmagy, bazara gatnaşýanlarynyň barlanylmagy, döwlet reýestriniň ýöredilmegi, şeýle hem degişli görnüşdäki işleri amala aşyrmak üçin rugsatnamalaryň berilmegi Türkmenistanyň Merkezi bankyna tabşyryldy.

Hasaba alynmaga degişli toparlara maýning kriptowalýuta bilen meşgullanýan taraplar, täze tokenleri ýa-da kriptowalýutalary çykaryjy emitetler hem-de wirtual aktiwleriň alyş-çalyş amallaryny ýerine ýetirýän operatorlara degişlidir.

Maýning işi diňe hasaba alnan ýuridik şahslara we bellenilen tertipde döwletden bellige alnan telekeçilere mümkinçilik berler. Bu işleriň hasaba alynmagy doly onlaýn görnüşde geçiriler. Hasaba alynan taraplara çäklendirilmedik möhlet bilen hereket edýän degişli QR-kody bolan şahadatnama beriler. Munuň üçin degişli döwlet salgydynyň tölenmegi, degişli enjamlar, wirtual aktiw gapjygy, ygtybarly elektrik üpjünçiligi hem-de maýning enjamlary ýerleşýän ýerlerde tehniki we ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilmegi şertdir.

Kanun boýunça wirtual aktiwler bilen meşgullanýan kärhanalaryň atlarynda "döwlet", "Türkmenistan", "türkmen", "türkmenistanly", "milli" diýen sözleri ulanmak gadagan edilýär. Şeýle hem bu ugurda "wirtual aktiw", "kriptowalýuta" ýa-da "sanly aktiw" diýen sözleriň kompaniýalaryň atlarynda we reklamasynda ulanylmagyna ýol berilmeýär. Bu talap maýning işi bilen meşgullanýanlara we wirtual aktiwler boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýän üpjün edijilere degişli däldir.

Wirtual aktiwler boýunça berilýän mahabatlar hökmany ýagdaýda degişli duýduryşy öz içine almaly: serişdeleriň ýitmek töwekgelligi, tehniki näsazlyklar we bikanun hereketleriň ýüze çykyp biljekdigi baradaky maglumatlar görkezilmelidir. Döwlet sanly aktiwleriň ýitgisiz bolmagyny kepillendirmeýär. 

Bu Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap güýje girer. Türkmenistanyň "Wirtual aktiwler hakynda" Kanunyň doly giňişleýin maglumatlary barada şu salga geçip okap bilersiňiz.

2022