Türkmenistanyň “Ýer hakynda” Kodeksiniň 16-njy maddasyna laýyklykda, şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna ýer böleklerini bermek şu aşakdaky tertipde amala aşyrylýar:
1. Ýer bölegini almaga isleg bildiren Türkmenistanyň raýatlary, bu barada ýer böleginiň ýerleşýän ýeri boýunça şu aşakdakylara arza berýärler:
a) hususy eýeçilige - şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak – mellek ýeri we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin - Geňeşe, şäherdäki etrabyň häkimligine;
b) peýdalanmaga - ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasyna;
g) kärendä:
• suwarymly ýerleri - daýhan birleşigine we beýleki oba hojalyk kärhanasyna;
• oba hojalyk däl maksatlar üçin - ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasyna.
2. Ýerleriň peýdalanmaga ýa-da kärendesine berilmegine mätäç Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplary, bu barada ýer bölekleriniň ýerleşýän ýeri boýunça ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasyna haýyşnama bilen ýüz tutýarlar.
3. Ýerleriň berilmegi baradaky Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalarynda we edara görnüşindäki taraplarynyň haýyşnamalarynda ýerleriň berilmeginiň zerurlygyny esaslandyrýan resminamalary goşmak bilen soralýan ýer bölekleriniň niýetlenen maksady, möçberleri we ýerleşýän ýeri görkezilmelidir.
4. Eýeçilige, peýdalanmaga we kärendesine ýer bölekleriniň berilmegi baradaky Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalar we edara görnüşindäki taraplarynyň haýyşnamalar bilen ýüz tutmagynyň we olara seretmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
5. Ýerleri kärendesine almaga isleg bildirýän daşary ýurt döwletleriniň raýatlary we edara görnüşindäki taraplary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bu barada haýyşnamany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýärler.
6. Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna ýer böleklerini peýdalanmaga bermek, oba hojalyk däl maksatlar üçin kärendä bermek hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň maşgalalaryna özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek ýer meseleleri baradaky Döwlet toparynyň çözgüdi esasynda amala aşyrylýar.
7. Türkmenistanyň raýatlarynyň maşgalalaryna hususy eýeçilige şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak-mellek ýeri üçin ýer böleklerini bermek etrabyň (şäheriň) häkimliginiň kararyna laýyklykda geçirilýär.
8. Ýerlere eýeçilik, peýdalanmak we oba hojalyk däl maksatlar üçin kärende hukuklaryna güwä geçýän resminamalary bermek bilen ýer böleginiň bölünip berilmeginiň resmileşdirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar. Bu hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
Çeşme: “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanuny
Neşirimize ýazylmak üçin:
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан


















