Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subiantona we Taýland Patyşasy Maha Waçiralongkorna güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Günorta-Gündogar Aziýada soňky bir hepdesinde güýçli ýagyşlar we güýçli şemal bilen utgaşýan howa şertleri dowam edýär.
Indoneziýanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça milli gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, bolup geçen tebigy hadysa sebäpli 502 adam heläk bolandygy, 508 adamyň dereksiz ýitendigi habar berilýär. Taýlandyň häkimiýetleri ýurduň günorta sebitlerinde 176 adamyň heläk bolandygyny mälim etdiler.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


