Bitaraplyk baýramçylygy sebäpli Aşgabatda käbir köçelerde hereketler wagtlaýyn çäklendiriler

BT
Bitaraplyk baýramçylygy sebäpli Aşgabatda käbir köçelerde hereketler wagtlaýyn çäklendiriler
Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri döwründe awtoulaglaryň hereketine wagtlaýyn çäklendirme giriziler.

Bu çözgüt paýtagtyň köçelerindäki ulag hereketiniň dowamlylygyny we onuň ýokary dykyzlygyny nazara almak bilen kabul edildi. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Wagtlaýyn çäklendirmeler 8–12 dekabr aralygynda Garaşsyzlyk şaýolunda, Bitarap Türkmenistan şaýolunda we Türkmenbaşy şaýolunda hereket eder.

12 dekabr 2025-nji ýylda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Bitaraplygyň halkara güni hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum geçiriler.

 

2022