Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirip, onuň dowamynda ýurduň prokuratura ulgamynda prokurorlary wezipä bellemek hakynda Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Didar Suhanberdiýewiç Orazowy Balkan welaýatynyň prokurory wezipesine belläp, Daşoguz welaýatynyň prokurory wezipesinden boşadyldy. Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Şükür Baýramdurdyýewiç Annalyýew Daşoguz welaýatynyň prokurory wezipesine bellenilip, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň prokurory wezipesini boşadyldy. 2-nji derejeli ýurist Begnazar Nazarowiç Kajarow düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Mary prokurory wezipesine bellenildi.
Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Kakajan Kanalowiç Amanmyradow Balkan welaýatynyň prokurory we ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Hangeldi Amangeldiýewiç Annabaýew düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Mary prokurory wezipelerinden boşadyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen ýurdumyzyň käbir etraplarynyň täze prokurorlary hem tassyklandy. 2-nji derejeli ýurist Maksat Amannazarowiç Kurbannazarow Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň prokurory wezipesine, 2-nji derejeli ýurist Şöhrat Annabaýewiç Tuwakow Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň prokurory wezipesine, 2-nji derejeli ýurist Ýusupmyrat Aşyrmyradowiç Berdimyradow Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň prokurory wezipesine, 2-nji derejeli ýurist Şirguly Bäşimkulyýewiç Şirkulyýew Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.
2-nji derejeli ýurist Arslan Töräýewiç Ananow Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň prokurory wezipesine, 2-nji derejeli ýurist Merdan Şöhradowiç Nazarow Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň prokurory wezipesine, 2-nji derejeli ýurist Batyr Seýitgulyýewiç Hydyrow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň prokurory wezipesine, 1-nji derejeli ýurist Myratgeldi Kakageldiýewiç Çaryberdiýew Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.
Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Myratasyl Myratgeldiýewiç Myratgeldiýew Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem jemlenildi.







_(1)30624-495x4352.jpg)

30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


