Türkmenistanda baýramçylyk söwdasy açyldy

BT
Türkmenistanda baýramçylyk söwdasy açyldy
Göçme söwda nokatlar, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanda ýetip gelýän Täze ýyl baýramy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan harytlaryň we sowgatlaryň baýramçylyk söwdasy başlandy.

Müşderilere harytlaryň giň görnüşleri, şol sanda dürli azyk önümleri — un we däne önümleri, ter miwe we gök önümleri, şeýle hem özboluşly türkmen süýjülikleri, gawun we konditer önümleri hödürlenýär. Şeýle hem söwda nokatlarynda azyk önümlerinden başga-da sowgatlyk toplumlaryny, ýadygärlik sowgatlaryny, senenamalary we Täze ýyl baýramy üçin bezeg serişdelerini satyn alyp bolýar. Ýylky ýyly bolan 2026-njy ýylyň nyşanlary şekillendirilen harytlara aýratyn orun berilýär.

“Altyn asyr” söwda merkezinde Halkara Bitaraplyk gününiň nyşanlary we milli nagyşlar şekillendirilen dokma önümleri görkezilýär. Türkmen dokma senagatynyň dürli nyşanlary bilen bir hatarda, bu ýerde Türkmenistanyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän özboluşly sowgatlyk bölümleri hem hereket edýär.

Baýramçylyk ýarmarkalary we göçme söwda nokatlary baýrama çenli işläp, raýatlarymyza özleri we ýakynlary üçin sowgatlary satyn almaga hem-de ýerli öndürijileri goldamaga giň mümkinçilik berer.

Baýramçylyk söwdasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan berlen tabşyryklar esasynda guralýar.

2022