Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon penşenbe güni Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.
Myhmanlary howa menzilinde Türkmenistanyň resmi adamlary garşylady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Dostlukly döwletleriň Liderleriniň bu sapary döwletara gatnaşyklary hem-de syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, goňşuçylyk gatnaşyklaryny we serhetýaka hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Habarda bellenilişi ýaly, Masud Pezeşkianyň we Emomali Rahmonyň halkara foruma gatnaşmagy, olaryň ýurtlarynyň Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny goldamaga, şeýle hem özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklaýar.






30704-495x4352.jpg)


30704-90x604.jpg)








