Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda geçirilýän “Parahatçylyk we ynanyşmak” halkara forumynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Wladimir Putin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny forumuň üstünlikli geçirilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlady. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.
Wladimir Putin Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň özüni dolulygyna ödeýändigini, onuň sebitiň howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin amatly şertleri döredýändigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda Russiýanyň döwlet Baştutany iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň barha diwersifikasiýalaşýandygyny, syýasy gepleşikleriň bolsa ynanyşmak we durnuklylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp geçdi.
“Elbetde, biz Size şu aýyň ahyrynda Sankt-Peterburgda garaşýarys” — diýip, Wladimir Putin duşuşykda aýtdy.
Wladimir Putin forumdaky çykyşynda rus kompaniýalarynyň türkmen bazarynda täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga taýýardygyny aýtdy.


















