Gazagystan bilen Türkmenistanyň serhedinde ýerleşýän döwrebaplaşdyrylan “Temir baba” awtoulag geçelgesi, şeýle hem Özbegistan bilen serhetdäki “Kazygurt” geçelgesi açylyp, ulanylmaga berildi. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň resmi metbugat gullugy anna güni habar berdi.
Geçiriş nokatlary Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň tabşyrygyna laýyklykda amala aşyrylýan serhetýaka infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde alnyp baryldy.
“Temir-baba” geçiriş nokadynyň döwrebaplaşdyrylyş işleri ulag hereketini çäklendirmezden we geçirijilik ukybyny azaltmazdan amala aşyryldy. Döwrebaplaşdyryş işleriniň dowamynda ýük we ýolagçy gatnawynyň üznüksiz dowam etdirilmegini üpjün etmek maksady bilen wagtlaýyn hereket tertibi girizildi, bu bolsa nobatlaryň döremeginiň öňüni almaga giň mümkinçilik berdi.

Häzirki zaman tehnologik çözgütleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde “Temir-baba” barlag geçiriş nokadynda serhetden geçmegiň wagty 30 minuta çenli gysgaldyldy we geçirijilik ukyby bolsa günde 1 müň awtoulaga çenli artdyryldy. Häzirki wagtda döwrebaplaşdyrylan geçiriş nokady arkaly ulaglaryň gatnawlary artýandygy bellige alynýar, bu bolsa Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşmegine ýardam berýär.
“Temir-baba” geçiriş nokadynyň döwrebaplaşmagy Gazagystanyň Hytaý, Özbegistan we Türkmenistan bilen serhetlerinde ýerleşýän jemi dokuz awtoulag geçiriş nokadyny öz içine alýan giň gerimli maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar. Ozal “Kaplanbek”, “Atameken”, “Kolžat” we “Alakol” geçiriş nokatlarynda döwrebaplaşmak işler doly tamamlandy. Şu ýylyň ahyryna çenli “Tajen”, “Maýkapçagaý” we “Bahty” geçiriş nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.


















