Sişenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Girts Ýaunzems bilen işewür duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda sergi-ýarmarka işi ulgamynda hyzmatdaşlyga, şeýle hem işewür çärelerini utgaşdyrmaga aýratyn üns berildi.
Taraplar häzirki wagtda Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berip, söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi metbugaty habar berýär.
Duşuşykda haryt dolanşygyny artdyrmak, logistika we ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, önümçiligi ösdürmek hem-de iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky arabaglanyşygy pugtalandyrmak boýunça tekliplere garaldy.
Ilçi Girts Ýaunzems türkmen bazarynyň mümkinçiliklerine ýokary gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, iki ýurduň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan bilen Latwiýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.


















