Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hünärmenleri çäge göçüşleriniň we ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen sianobakteriýalaryň biomassasynyň esasynda bionanokompozit materialy işläp taýýarladylar. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Täze tehnologiýa laýyklykda, çägeli depeler täze bionanokompozit materialy bilen işlenilýär, soňra bolsa gurakçylyga çydamly ösümlikler ekilýär. Bu usul çyglylygyň saklanmagyna ýardam edýär hem-de gündelik temperatura üýtgemeleriniň täsiri bilen topragyň ýokumly gatlagynyň emele gelmegine mümkinçilik döredýär.
Çöl şertlerinde geçirilen synag işleriniň netijeleri materialyň çägäni berkitmek häsiýetiniň ýokary derejede täsirli bolandygyny, şeýle hem ekilen ösümlikleriň gowy kök urup, işjeň ösýändigini görkezdi. Bu işläp taýýarlama, aýratyn-da howanyň üýtgemegi we gurakçylyk şertlerinde, gury-zolaklarynda eroziýa sezewar bolan hem-de çölleşen ýerleri dikeltmekde ulanylyp bilner.
Taslama Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlarynyň topary tarapyndan durmuşa geçirildi we çölleşmä garşy göreşmek boýunça milli strategiýa hem-de halkara başlangyçlar bilen sazlaşýar.


















