Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 93 milliard manada golaýlady

BT
Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 93 milliard manada golaýlady
Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2025-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 92 milliard 917,20 million manada ýetdi. 2024-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 90 milliard 645,88 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2025-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 45 milliard 9 million manada barabar boldy. 2024-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 52 milliard 313 million manada deň boldy.

Şeýle hem 2025-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 17 milliard 844 million manada barabar boldy. 2024-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 14 milliard 137 million manada ýetdi.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 30 milliard 64 million manada barabar boldy. 2024-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 24 milliard 196 million manada deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022