Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Azerbaýjanyň döwlet Baştutanynyň resmi metbugat gullugy ýekşenbe güni habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlag hatynda Prezident Ilham Aliýewiň ýolbaşçylygynda Azerbaýjan Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikleri gazanandygyny, döwlet berkararlygynyň berkidilendigini hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylandygyny belledi.
Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjana bolan resmi saparynyň dowamynda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Sammitiniň çäklerinde Gabala şäherinde bolan duşuşygy mähirli duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtap, türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalar arkaly iki doganlyk halkynyň bähbidine mundan beýläk-de has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewiň türkmen-azerbaýjan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine goşýan goşandyna hem-de bu ugurda bildirýän aýratyn ünsüne ýokary baha berdi.
Hatynyň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Ilham Aliýewe berk jan saglyk, bagt we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.








30836-495x4352.jpg)









