Türkmenistan Ýokohama şäherinde geçiriljek “GREENxEXPO 2027” halkara sergisine gatnaşar

BT
Türkmenistan Ýokohama şäherinde geçiriljek “GREENxEXPO 2027” halkara sergisine gatnaşar
Osakanyň we Ýohogamanyň häkimleri "Expo" sergisini geçirmek boýunça "estafetany tabşyrmak" atly nyşanlaýyn dabarany geçirýärler, 2025-nji ýylyň 13-nji oktýabry, Osaka, Ýaponiýa (Surat: en.traicy.com)

Türkmenistan Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde geçiriljek “GREENxEXPO 2027” halkara sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady. Bu barada şenbe güni Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çap edilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň arasynda geçirilen sammitiň jemleri baradaky Bilelikdäki metbugat beýanatynda habar berilýär. 

Ýapon tarapy Türkmenistanyň bu halkara sergisine gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin hoşallyk bildirdi we onuň üstünlikli geçirilmegini üpjün etmek ugrunda bilelikde işlemäge taýýardygyny aýtdy.

“GREENxEXPO 2027” halkara bagbançylyk sergisi 2027‑nji ýylyň 19‑nji martynda başlap, 26‑njy sentýabrynda öz işini tamamlar. Sergi “Bagtyýarlyk üçin geljegiň peýzažy” şygary astynda guralar we ol durnukly ösüş, tebigat bilen sazlaşygy hem-de ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmek ýaly ugurlary öz içine alýar.

“GREENxEXPO 2027” sergisine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 10–15 milliona golaý gatnaşyjy we myhman gelmegine garaşylýar. Bu iri halkara çäre bagbançylyk, oba hojalygy we ekologiýa ugurlarynda Ýaponiýanyň innowasion çözgütlerini hem-de milli däplerini giňden tanatmak üçin uly mümkinçilikleri döredildi. Şonuň bilen birlikde sergi, durnukly ösüş ugrunda bilim we tejribe alyşmak üçin halkara derejesindäki möhüm duşuşyk meýdançasy hökmünde çykyş eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022