Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etjek döwründe goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi. Rus tarapy 1-nji ýanwardan başlap Arkalaşykda başlyklyk wezipesini ýerine ýetirjek türkmen kärdeşlerine zerur goldawy bermäge taýýardyr.
GDA döwletleriniň ýolbaşçylary Arkalaşygyň ösüşiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, amaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça geljekki ädimleri kesgitlediler. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda GDA agza ýurtlaryň arasynda özara hyzmatdaşlygyň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşmalar hem geçirildi.
Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etjek döwründe Arkalaşygyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini Aşgabat şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.








30836-495x4352.jpg)









