“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat–Abu-Dabi–Aşgabat ugry boýunça goşmaça gatnawyny girizýär

BT
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat–Abu-Dabi–Aşgabat ugry boýunça goşmaça gatnawyny girizýär
"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň uçary

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça goşmaça howa gatnawyny girizip, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky uçuşlaryň ýygylygyny artdyrýar. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy habar berilýär. 

Täze gatnaw 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryndan başlap, ýekşenbe günleri amala aşyrylar. Şol gün T5-827 belgili uçuş Aşgabat şäherinden 04:25-de ugrar we 05:55-de Abu-Dabi şäherine baryp ýeter. Yzyna gaýdýan T5-828 belgili gatnaw bolsa Abu-Dabi şäherinden 07:25-de ugrar we 09:55-de Aşgabat şäherine geler.

Şeýle hem bu ugur boýunça hereket edýän häzirki gatnawlar anna günleri üýtgewsizligine galýar. T5-825 belgili uçuş Aşgabatdan Abu-Dabi şäherine 17:45-de amala aşyrylýar we 19:15-de baryp ýetýär. Yzyna gaýdýan T5-826 belgili uçuş 21:00-de Abu-Dabi şäherinden ugraýar we indiki günüň 00:30-da Aşgabat şäherine gelýär. 

Uçuşlaryň tertibiniň giňeldilmegi iki ýurduň arasynda ulag elýeterliligini ýokarlandyrmaga hem-de ýolagçy gatnawlarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022