2026: Türkmenistanda maýa goýum Maksatnamasyna 41,2 mlrd manat gönükdiriler

BT
2026: Türkmenistanda maýa goýum Maksatnamasyna 41,2 mlrd manat gönükdiriler
Aşgabat, Türkmenistan

2026-njy ýylda Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasyny amala aşyrmak üçin 41,2 milliard manat möçberindäki serişdeleriň özleşdirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetine bagyşlanyp geçirilen “tegelek stoluň” dowamynda bellenilip geçildi diýip, “Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni çykan sanynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, maýa goýumlaryň umumy möçberinden 68,5 göterimi önümçilik maksatly, 31,5 göterimi bolsa önümçilik däl maksatly desgalaryň gurluşyklaryna gönükdiriler. Maliýe serişdeleri hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga, täze önümçilikleri gurmaga, şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy” çärelerini amala aşyrmaga gönükdiriler.

2026-njy ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň jemlenen görnüşiniň taslamasy girdejiler we çykdajylar boýunça 131,8 milliard manat möçberinde göz öňünde tutulýar. Birinji derejeli girdejileriň we çykdajylaryň möçberi 36,5 milliard manat möçberinde meýilleşdirilýär. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary bolsa býujetiň çykdajylarynyň goralan maddalary hökmünde kesgitlenilýär.

Döwlet býujeti öňküsi ýaly durmuş ulgamyna gönükdirilýär. Bu ulgamy maliýeleşdirmek üçin birinji derejeli çykdajylarda durmuş maksatly ulgama gönükdiriljek serişdeleriň paýynyň 77,1 göterime deň bolup, 26,8 milliard manat bolmagyna garaşylýar. Döwlet býujetinden durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlaryna goýberilýän serişdeleriň 37,5 göterimi bilimi, 13,2 göterimi saglygy goraýşy, 2,8 göterimi medeniýeti, 37,4 göterimi durmuş üpjünçilik ulgamyny, 9,1 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdiriler.  

Habarda bellenilişi ýaly, ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ykdysady ösüşi ýokary derejede saklamak, täze senagat önümçiliklerini we täze iş orunlaryny döretmek, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak hem-de kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň “2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanuny 2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022