Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi, oba hojalyk pudagyny hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýeňillikli karzlaşdyryş ulgamy boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Maliýe ulgamlary maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, önümçiligi giňeltmäge we ilatyň ýaşaýyş şertlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Bu barada anna güni çap edilen “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.
“Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda 2025-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli 2 müňe golaý maýa goýum taslamasy karzlaşdyryldy. Munuň netijesinde 16,7 müňden gowrak goşmaça iş orunlary döredildi hem-de importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişi artdy.
Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin tehnikalary we enjamlary satyn almak maksady bilen karz edaralaryna 1 göterim ýyllyk töleg bilen 10 ýyla çenli möhletde ýeňillikli karz serişdelerini bermäge ygtyýar berilýär. Maldarçylyk, guşçulyk we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ulgamlaryndaky aýratyn taslamalar 5 göterim ýyllyk töleg bilen ýeňillikli şertlerde karz pullary berilýär.
Şeýle hem karz edaralary gurlup ulanmaga taýýar edilen jaýlary, öýleri satyn almaga gozgalmaýan emläk üçin karzlary ýylda 1 göterim derejesinde hem-de esasy bergini üzmek boýunça 5 ýyla çenli ýeňillikli döwür bilen 30 ýyl möhlete karzlary bermäge ygtyýarlandyrylandyr. Şuňa meňzeş şertler Arkadag şäherindäki ýaşaýyş taslamalaryny amala aşyrmakda hem ulanylýar, bu ýerde ipoteka karzlary ýaşaýyş jaýynyň hakyky emele gelen bahasynyň 90 göterimine çenli möçberde berilýär.
Ýaş maşgalalar öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete 20 müň manada çenli möçberde ýeňillikli karzlary resmileşdirip bilerler. 2025-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli ýeňillikli karzyň şu görnüşini resmileşdirenleriň sany 185 müňe ýetdi.
Amala aşyrylýan ýeňillikli karzlaşdyryş işleriniň görnüşleri maýa goýum işjeňliginiň artmagyna, sebitleriň ösüşine, önümçiligiň giňelmegine hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlanmagyna ýardam berýär. Maliýeleşdiriş ulgamy raýatlary goldamak we durnukly ösüşi üpjün etmek maksadyna gönükdirilen Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynda esasy gurallaryň biri bolup durýar.


















