Türkmenistan Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň Assambleýasynda ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

BT
Türkmenistan Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň Assambleýasynda ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş assambleýasynyň 3-nji mejlisi, 2025-nji ýylyň 8-nji ýanwary, Astana, Gazagystan (Surat: dknews.kz)

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş assambleýasynyň 3-nji mejlisine gatnaşyp, Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri, eksport kuwwaty we halkara hyzmatdaşlyga açyk syýasaty barada çykyş etdiler. 

Mejlisiň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de türki döwletleriniň arasynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi. 

Şeýle hem duşuşyga gatnaşanlar ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşdylar.

Türki döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň birleşigi 2019-njy ýylda döredilip, Türki döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly halkara meýdança bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda Birleşigiň düzümine Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzstan, Özbegistan we Türkiýe Respublikalary doly hukukly agza hökmünde girýärler. Wengriýa, Demirgazyk Kipr bolsa gurama synçy hökmünde gatnaşýarlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022