Türkmenistanda sarp edijilik inflýasiýasy 2027-nji ýyla çenli 3,9% peseler

BT
Türkmenistanda sarp edijilik inflýasiýasy 2027-nji ýyla çenli 3,9% peseler
Türkmenabat şäherindäki durky düýpli täzelenen Merkezi bazaryň açylyş dabarasy, 2022-nji ýylyň 28-nji dekabry, Lebap welabaty, Türkmnenistan

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti tarapyndan taýýarlanan “Dünýä ykdysady ýagdaýy we ösüşiniň geljegi — 2026” atly hasabatda getirilen çaklamalara görä, Türkmenistanda sarp edijilik inflýasiýasynyň derejesi 2026-njy ýylda 5,9 göterime, 2027-nji ýylda bolsa 3,9 göterime çenli peseler.

Habarda bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýurtda sarp edijilik inflýasiýasynyň derejesi 6,8 göterime deň boldy.

Hasabata görä, Türkmenistanyň hakyky jemi içerki önüminiň (JIÖ) ösüşi 2026-njy ýylda 6,0 göterim, 2027-nji ýylda bolsa 5,8 göterim derejesinde bolar diýip çaklanylýar.

Resminamada Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň orta möhletleýin geljeginiň, esasan, nebitgaz pudagynyň ösdürilmeginiň hasabyna üpjün ediljekdigi nygtalýar. Bu pudak ýurduň makroykdysady durnuklylygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

2026-njy ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň jemlenen görnüşiniň taslamasy girdejiler we çykdajylar boýunça 131,8 milliard manat möçberinde göz öňünde tutulýar. Birinji derejeli girdejileriň we çykdajylaryň möçberi 36,5 milliard manat möçberinde meýilleşdirilýär.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022