“Mosaic Visa” Türkiýäniň Türkmenistandaky täze wiza operatory bolar

BT
“Mosaic Visa” Türkiýäniň Türkmenistandaky täze wiza operatory bolar
Stambul, Türkiýe (Surat: BT)

“Mosaic Visa” kompaniýasy Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä wiza arzalarynyň kabul edilmegi boýunça resmi operator bolar. Kompaniýa ýurtda işini bes eden öňki wiza merkezi — “Gateway International” kompaniýasynyň ornuny tutar. Bu barada kompaniýa şenbe güni sosial ulgamlardaky resmi sahypalarynda habar berdi.

Wiza almak isleýän raýatlar resminamalary kompaniýanyň onlaýn portaly arkaly ýa-da wiza merkezine şahsy ýüz tutmak arkaly tabşyryp bilerler. 

Şeýle-de, raýatlaryň ozal “Gateway International” arkaly tabşyran arzalary öz güýjünde galar we bellenilen tertipde serediler.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda wiza tertibi 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda girizildi. Şondan bäri “Gateway International” wiza merkezi Türkmenistanda öz işini dowam edip geldi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlary Türkiýä syýahatçylyk, iş, okuw, hyzmat, işewürlik, tranzit we beýleki görnüşdäki wizalary resmileşdirip bilerler.

Talap edilýän resminamalaryň sanawy soralýan wizanyň görnüşine bagly bolup, Türkiýäniň degişli edaralary tarapyndan kesgitlenýär.

“Mosaic Visa” Türkiýe Respublikasynyň konsullyk edaralary tarapyndan akkreditirlenen wiza arzalaryny gaýtadan işleýän resmi merkezdir.

“Mosaic Visa” Türkmenistanyň wiza merkezi ýakynda Aşgabat şäherinde
açylar. Täze merkeziň salgysy: Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň 2127-nji köçesiniň (G.Kuliýew) 71-nji jaýy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022