Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş topary dörediler

BT
Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş topary dörediler
Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi, 2024-nji ýylyň 15-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nokerguly Atagulyýew degişli teklip bilen çykyş etdi. 

Türkmenistanyň resmi metbugaty habar bermegine görä, wise-premýer ýurduň goşulan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek hakynda çarçuwaly Ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlarda häzirki wagtda milli toparlar döredilendigini belläp geçdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi halkara tejribäni öwrenip, Türkmenistanyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu toparyň döredilmegi halkara ylalaşyklardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen birlikde, sebit we dünýä ýurtlary bilen bu ugurda utgaşykly hereket etmegi dowam etdirmäge giň mümkinçilikleri berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şeýle hem öňe sürlen teklibi makullap, pudagara iş toparynyň döredilmegi boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine hem seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022