“Arkadag” - “Al-Nassr” oýna petekleriň onlaýn satuwy başlandy

BT
“Arkadag” - “Al-Nassr” oýna petekleriň onlaýn satuwy başlandy
Ulanyjy "Arkadag" we "Al-Nassr" futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyga onlaýn platforma arkaly petek satyn alýar (Surat: BT)

Aşgabat şäheriniň häkimligi AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň ilkinji duşuşygyna — türkmen futbol topary “Arkadag” bilen Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” toparynyň arasyndaky oýna petekleriň onlaýn satuwynyň başlandygyny habar berýär.

Petekler Aşgabat şäheriniň häkimliginiň resmi internet sahypasyndan, şeýle hem “Sanly şäher” mobil goşundysy arkaly satyn almak mümkindir. Petekleriň bahasy oýun meýdançasyndaky orunlaryň ýerleşişine we sektorlaryna görä tapawutlanýar.

Her bir petek aýratyn QR-kod bilen üpjün edilip, ony satyn alan şahsyň şahsyýetini tassyklaýan resminamasyna baglanylýar. Oýun meýdançasyna girişde janköýerler petekde görkezilen maglumatlara laýyk gelýän pasporty ýa-da dogluş şahadatnamasyny görkezmelidirler.

Duşuşyk 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriler. Oýnuň başlanmagy ýerli wagt bilen sagat 18:45-e meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022