Türkmen alymlary öri meýdanlaryny dikeltmek boýunça çäreleri işläp taýýarladylar

BT
Türkmen alymlary öri meýdanlaryny dikeltmek boýunça çäreleri işläp taýýarladylar
Garagum çöli, Türkmenistan

Türkmenistanyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hünärmenleri ýurduň öri meýdanlaryny dikeltmäge hem-de olaryň durnukly peýdalanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp taýýarladylar. Bu başlangyç ýerleriň zaýalanmagynyň we çölleşmegiň öňüni almak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäginde durmuşa geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berýär.

Alymlaryň bellemegine görä, dowardarçylygyň we düýedarçylygyň ösdürilmegi iýmlik binýadynyň ýagdaýy bilen göni baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, alnyp barylýan işleriň esasy ugurlary hökmünde fitomeliorasiýa, çöl ösümlikleriniň emeli ýol bilen ekilmegi hem-de, şol sanda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň täsir zolagynda, sazak tokaýlarynyň giňeldilmegi kesgitlenildi.

Suw serişdelerinden rejeli ulanmak, guýularyň, kärizleriň we sardobalaryň dikeldilmegi uzakda ýerleşýän öri meýdanlarynyň hojalyk dolanyşygyna çekilmegine mümkinçilik berýär. Iýmlik mümkinçiliklerini takyk hasaplamak we mal bakyşyny meýilleşdirmek maksady bilen GIS-tehnologiýalar we hemra arkaly gözegçilik ulgamlary ulanylýar.

Hünärmenleriň pikirine görä, bu çäreleriň durmuşa geçirilmegi ot-iým binýadynyň pugtalandyrylmagyna, mallaryň baş sanyny artdyrylmagyna hem-de howanyň üýtgemegi şertlerinde ekologik abadançylygy üpjün etmege amatly şertleri döreder .

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022