Türkmenistan 2026-njy ýylyň 13–16-njy ýanwar aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde “Messe Frankfurt” sergi merkezinde geçirilen “Heimtextil-2026” halkara sergisiniň çäginde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dokma önümleriniň eksporty boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, degişli resminamalar Dokma senagaty ministri Nurmuhammet Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti tarapyndan daşary ýurt hyzmatdaşlary, işewür toparlaryň wekilleri we alyjylar bilen geçirilen gepleşikleriň çäginde kabul edildi.
Türkmenistanyň milli pawilýonynda Dokma senagaty ministrligi milli öndürijileriň tebigy pagta esasynda öndüren baý önümler toplumy bilen çykyş edip, türkmen dokma pudagynyň ýokary hilini, döredijilikli çemeleşmeleri we häzirki ösüş tendensiýalaryny görkezmäge giň mümkinçilik döretdi.
“Heimtextil” – öý, myhmanhana, ofis, söwda merkezleri we beýleki hususy we döwlet desgalary üçin dokma çözgütlerini öndürýän, dizaýner, üpjün ediji we alyjylar üçin möhüm çäre bolup durýar. Şu ýyl sergä 65-den gowrak ýurduň 3 müňden gowrak kompaniýasy gatnaşdy, olar giň möçberli önümleri — öý we bezeg tekstilinden başlap, myhmanhana we şertnama segmentleri üçin çözgütler hödürlediler.


















