“MULTIPOWER SRL” kompaniýasy Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şol sanda gaýtadan işlenen önümleriň käbir görnüşlerini ibermäge gyzyklanma bildirdi. Bu barada kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Ionel Minea Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew bilen geçirilen duşuşykda mälim etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy habar berýär.

Taraplar netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirip, bu ugurda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljekde has-da ösdüriljekdigine umyt bildirdiler.
Rumyniýanyň “MULTIPOWER SRL” kompaniýasy tebigy gazdan we nebitden öndürilýän önümleriň söwdasy bilen meşgullanýar.


















