“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karloda halkara şahadatnamalar gowşuryldy

BT
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karloda halkara şahadatnamalar gowşuryldy
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekili Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropa sirk assosiasiýasynyň şahadatnamalaryna mynasyp boldy, 2026-njy ýylyň 16–25-nji ýanwary, Monte-Karlo

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Gowşuryş dabarasy 2026-njy ýylyň 16–25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde geçirildi.

Bu sylaglar türkmen sirk sungatynyň we jigitleriň gadymy däplere hem-de ussatlyga esaslanýan at üstündäki çykyşlarynyň ýokary halkara ykrarnamasynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Festiwala Türkmenistanyň wekilleri hormatly myhmanlar hökmünde gatnaşmagy, dünýä sirk jemgyýetçiliginiň ýurduň gazananlaryna bolan aýratyn gyzyklanmasyny tassyklaýar. 

1974-nji ýylda düýbi tutulan Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwaly bu ugurdaky iň abraýly forumlaryň biri hasaplanýar we dünýäniň dürli künjeklerinden iň gowy artistleri bir ýere jemläp, döredijilik gatnaşyklarynyň ösmegine we tejribe alyşmaga ýardam berýär.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022