Balkan welaýatynda täze dolandyryş-gulluk desgalary açylyp ulanmaga berildi. Hususan-da, Esenguly etrap prokuraturasynyň täze edara binasy, Etrek etrabynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary üçin niýetlenen 24 öýli, dört gatly ýaşaýyş jaýy açyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Esenguly etrabynyň täze prokuratura binasy häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän iki gatly binadan ybarat bolup, ol iş alyp barmak üçin ähli zerur bolan enjamlar we mebeller bilen doly üpjün edildi.

Etrek etrabyndaky ýaşaýyş jaýy iki we üç otagly, häzirki zaman durmuş amatlyklaryna eýe bolan öýleri öz içine alýar. Jaýlar merkezleşdirilen suw, gaz we elektrik üpjünçiligi, şeýle hem lagym ulgamlary bilen doly üpjün edilendir. Ýaşaýyş jaýyň daş töweregi abadanlaşdyrlyp, çagalar üçin oýun meýdançalary, dynç alyş zolaklary hem döredildi.
Desgalaryň açylyşy her ýyl 27-nji ýanwarda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirildi.


















