Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy $2 milliarda ýetdi

BT
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy $2 milliarda ýetdi
Türkmenistandaky Türkiýe Respublikasynyň ilçisiniň rezidensiýasynda geçirilen metbugat maslahaty, 2026-njy ýylyň 28-nji ýanwary, Aşgabat

2025-nji ýylyň ýanwar - noýabr aýlary aralygynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygyň möçberi takmynan 2 milliard ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky adatdan daşary doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen metbugat maslahatynda mälim etdi.

Diplomatyň bellemegine görä, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy yzygiderli artýar we ony 5 milliard ABŞ dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär.

Ahmet Demirok 10–12-nji fewral aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň geçiriljekdigini ýatladyp, şu ýyl bu sergä 80-den gowrak türk kompaniýasynyň gatnaşjakdygyny, munuň bolsa işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döretjekdigini belledi.

Şeýle hem 2026-njy ýylyň aprel aýynda Aşgabatda türkmen-türk hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça toparyň 9-njy mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Ilçiniň aýtmagyna görä, bu çäre Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nokerguly Atagulyýewiň başlyklyk etmeginde geçiriler.

Gepleşikleriň dowamynda hereket edýän we geljegi uly bilelikdäki taslamalar, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem täze maýa goýum ugurlaryny öwrenmek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär.

2022