Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan we Täjigistan “Gündogar–Günbatar” hem-de “Demirgazyk–Günorta” halkara üstaşyr ulag geçelgelerini giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada penşenbe güni Minsk şäherinde Türkmenistanyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň mejlisinde GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew aýtdy diýip, “BELTA” agentligi habar berýär.
Sergeý Lebedew Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi barada çykyş edip, ýurduň amatly geografik ýerleşişiniň ykdysady meseleleriň, şol sanda üstaşyr ulag-logistika geçelgeleriniň ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagyny şertlendirýändigini nygtady.
Ol başlyklyk etmegiň Konsepsiýasynyň esasy ugurlarynyň hatarynda energetika ulgamyny hem belläp, Türkmenistanyň nebit we gaz üpjün edijisi hökmünde möhüm ornuna, şeýle-de üpjünçiligiň durnuklylygyny üpjün etmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi Nazarguly Şagulyýew Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň hemişelik bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugrunyň dowamydygy hökmünde garalýandygyny belledi.
Türkmenistan başlyklygynyň çäginde GDA-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitini kabul eder. Bu çäre 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.


















