Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Hojamyrat Hojanyýazowyň guşçulyk toplumynda her aýda 10–15 million towuk ýumurtgalary daşary döwletlere eksport edilýär. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe günindäki sanynda habar berildi.
Telekeçi Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde döwlet tarapyndan uzak möhletleýin esasda bölünip berlen 500 gektar ýer bölegini ekerançylyk maksady bilen işjeň peýdalanýar. Ýyldan-ýyla bu ýerleriň 230 gektaryna golaýyna kanola, 230 gektaryna bolsa tritikale ýaly iýmlik oba hojalyk ekinleri ekilýär.
Şeýle hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän guşçulyk toplumynda ýumurtga ugurly towuklaryň 140 müňüsi idedilýär.
Toplum boýunça her günde 120 müňden gowrak ýumurtga alnyp, ekologiýa taýdan arassa önüm täzeligine ýurdumyzyň söwda nokatlaryna ugradyrylýar. Içerki bazarda önüm bolçulygynyň üpjün edilmegi daşary döwletlerden getirilýän azyk harytlarynyň möçberini azaltmaga, ýerli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, olaryň daşary döwletlere eksportyny üstünlikli ýola goýmaga mümkinçilik berýär.
Telekeçi ýakyn geljekde guşçulyk toplumynda ulanylýan tehnologiýalary has-da döwrebaplaşdyrmagy, işleriň guralyş usulyýetini kämilleşdirmegi göz öňünde tutýandygyny nygtaýar.


















