Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy onlaýn sorag-jogap hyzmatyny ýola goýdy

BT
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy onlaýn sorag-jogap hyzmatyny ýola goýdy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda alnyp barylýan işlerden bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurduň gümrük işini döwrüň ösýän talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, daşary ykdysady işiň ösmegine ýardam berýän şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, telefon arkaly, onlaýn sorag-jogap hyzmatyny ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu hyzmatyň ýola goýulmagy bilen daşary ykdysady işine, şol sanda daşary söwda işine gatnaşýan şahslaryň, gümrük serhedinden geçýän ýa-da geçmegi meýilleşdirýän raýatlaryň gümrük işi babatdaky soraglaryna şol wagt, onlaýn görnüşde jogap berilmegine mümkinçilik döredilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň bu onlaýn hyzmaty, harytlar gümrük serhedinden geçirilende amala aşyrylýan gümrük amallary, şol sanda gümrük taýdan resmileşdirmek, tölenilýän gümrük tölegleri, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklar we çäklendirmeler barada döreýän soraglara jogap bermekden ybaratdyr.

Şol sanda, sorag-jogap hyzmatynyň üsti bilen,  Türkmenistanyň çägine getirilýän awtoulaglara bildirilýän talaplar, olaryň gümrük gözegçiligi we resmileşdirmesi üçin zerur bolan resminamalar, tölenilýän gümrük tölegleriniň her görnüşi we möçberleri barada maglumatlar bilen tanyşmaga giň mümkinçilikler döredildi we sorag-jogap hyzmaty tölegsiz amala aşyrylýar.

Sorag-jogap alyşmak üçin telefon belgisi: 39-41-39

2022